Türkmenabadyň bazarlarynda azyk önümlerini satýan telekeçiler şäheriň sanitariýa-arassaçylyk gullugynyň işgärleriniň ýygy-ýygydan baryp, resmi däl görnüşde pul talap etmeginden ýadandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, barlagçylar harytlaryň arassaçylyk ýagdaýynda kemçiligiň bardygyny aýdyp, işgärlerden paç töläp durmagy talap edýärler.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenabatly telekeçileriň sözlerine görä, soňky aýlarda barlagçylaryň basyşy has hem güýçlenipdir.
“Dynç güni bazara gelen barlagçy, ‘iri şahly mallarda ýokanç kesel ýaýraýar’ diýip bahana bilen, hiç bir dokument görkezmän bir satyjydan 5 kilogram eti alyp gitdi. Pul hem tölänok. Şu ýagdaý her aý diýen ýaly gaýtalanyp dur” diýip, bazar satyjysy öz görenlerini gürrüň berdi.
Türkmenistanda maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklar, soňky ýyllarda iri şahly mallaryň arasynda ýaýraýan hassalyklar barada birnäçe gezek habar beripdi we her gezek mallary gyrýan hassalyklary anyklamakda we onuň öňüni almakda döwlet tarapyndan ýeterlik çäre görülmeýändigini aýdypdy.
Maldarlar keselçilige garşy özbaşdak çäre tapmaly bolýarka, telekeçiler döwlete degişli gözegçilik edaralaryň işgärleri mal keselini bahanalap, “bikanun girdeji” almak üçin ulanýarlar diýip hasap edýärler.
“Sanitariýa işgärleriniň ýüzünde hiç bir utanç ýok. Olar keseliň ýaýramagyna garşy göreşmeýär. Olar diňe gorkuzyp, et almak üçin gelýärler. Pul tölemeýän bolsaň, ertesi güni gelip, ‘sanitariýa düzgünlerine laýyk däl’ diýip, söwda etmäge rugsat bermeýärler” diýip, türkmenabatly ýene bir telekeçi gürrüň berdi.
Azatlyk bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan telekeçiler söwda nokatlarynda arassaçylyk talaplarynyň berjaý edilýändigini we muňa resmiler tarapyndan gözegçilik edilýändigini, galyberse-de aýda bir gezek arassaçylyk çärelerini berjaý etmek üçin ýörite günüň bellenýändigini gürrüň berdiler.
Telekeçiler her aýyň ilkinji çarşenbe güni bazaryň ýapylýandygyny aýdyp, “sanitariýa güni” diýip atlandyrylýan bu günleri barlagçylar "telekeçileri gorkuzmak üçin ulanýarlar" diýýärler.
“Et, ýag, süýt önümleri, gatyk, un, ýumurtga satýanlaryň ählisi her aý azyndan 1 kg haryt ýa-da pul bermeli bolýar. Paç tölemeseň, söwda stolyňy ýapdyrýarlar. Harytlaryňy alyp gidýärler ýa-da çüýredýärler. Hiç bir resminama ýok. Hemme zat söz bilen” diýip, azyk önümlerini satýan telekeçi aýtdy.
Türkmenabat şäherindäki bazarda iki sany sanitariýa gullugy hereket edýär, ýagny bazaryň öz içindäki bölümiň işgärleri we şäheriň resmi sanitariýa-gigiýena edarasynyň işgärleri gözegçilik işlerini alyp barýar diýip, çeşmeler gürrüň berdi.
“Ilki bazaryň öz içindäki sanitariýa bölümine haryt berýärdik. Indi şäheriň bölümi hem goşulyp, olaryň işgärlerine hem berýäris. Awgust aýyndan başlap, her aý iki tarap üçin-de aýratynlykda et, ýag ýa-da pul bermeli bolýarys” diýip, söwdagär aýdýar.
Azatlyk bilen gürleşen satyjylar özleriniň ýokary instansiýalara arz etmäge gorkýandygyny aýdyp, sebäbi şeýle ýagdaýlary beýan edýän adamlar soňundan “söwda düzgünlerini bozmak” ýa-da “döwlete garşy çykyş” ýaly töhmetler bilen jezalandyrylýar diýýärler.
Olaryň sözlerine görä, degişli edaralar bu ýagdaýlar bilen gyzyklanmaýar ýa-da göz ýumýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäheriniň häkimliginden we bazarlaryň administrasiýasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanly telekeçiler salgyt we kireý çykdajylary ýaly resmi tölegleriň gitdigiçe ýokarlanýandygyny aýdyp, munuň köp işewürleri söwdadan el çekmäge mejbur edýändigini gürrüň berýärler. Üstesine, dürli edaralaryň işgärleri tarapyndan resmi bolmadyk görnüşde pul talap edilmeginiň olary girdejisiz goýýandygyny belleýärler.
Mundan öň Lebapda polisiýa işgärleriniň söwda dükanlaryndan mugtuna haryt almagy bilen bagly wakalar barada habar berlipdi. Halaç, Dänew we Saýat etraplarynda hem-de Türkmenabat şäherinde bolan şeýle ýagdaýlaryň birnäçesi Azatlyk Radiosyna aprel aýynda mälim boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum