Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2025-nji ýylda Türkmenistanda ÝOJ-lary 15 müňe golaý talyp tamamlady – ýerli media


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny 15 müňe golaý talyp tamamlady. Bu barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri ýerli metbugata salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde:

  • hünärmen maksatnamasy boýunça 297 hünär,
  • bakalawr maksatnamasy boýunça 176,
  • magistr maksatnamasy boýunça 24 taýýarlyk ugry hereket edipdir.

Şu ýyl 10 müňe golaý hünärmen, 4 müň 900-den gowrak bakalawr, 550-ä golaý magistr okuwlaryny tamamlapdyr.

Resmi sanlara görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden her ýyl ýurt boýunça 90 müň töweregi okuwçy uçurym bolýar we olardan 20 müň töweregi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Täze okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygynyaýdýarlar.

XS
SM
MD
LG