Ýerli habarçymyz Mary welaýatynyň adamlarynyň prezidentiň 11-nji iýulda sebit häkimini täzelemek barada gelen kararyndan, ozal işinde düýpli kemçilik goýberen häkimi yzyna getirmeginden nägile bolandyklaryny habar berýär. Synçylar häkimleriň halk bilen geňeşmezden bellenmeginiň we işine açyk baha bermän täzelenmeginiň sebitleri ösüşden bökdeýän esasy ýalňyşlyklaryň biri bolandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň eýýäm habar berşi ýaly, Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemine bagyşlanan hökümet mejlisinde Begençmyrat Orazowyň hasabatyny diňläp, ony Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä Döwranberdi Annaberdiýewi belleýändigini aýtdy.
Synçylar Annaberdiýewiň öň ýygnak geçip duran zaldan çykarylyp kowlandygyny aýdyp, Orazowyň işi, kemçiligi babatynda hiç bir zadyň agzalmandygyna, bu kadr çalşygynyň hiç bir söz bilen düşündirilmändigine geň galandyklaryny bellediler.
“Orazow nähilem bolsa oba hojalygyny dikeltmek isledi..."
Habarçymyz bilen gürleşen adamlaryň tassyklamagyna görä, Mary halky öň düýpli kemçilik goýberendigi üçin işden aýrylan häkimiň yzyna getirilmeginden “gaty nägile boldy”.
“Orazow nähilem bolsa oba hojalygyny dikeltmek isledi, ýagny ol halk içinde Serdar Berdimuhammedowyň kursdaşy diýlip tanaldy. Gazylman ýatan zeýkeşler, ýaplar gazyldy. Dogry, dökünler mugt berilmedi, potrat eýeleri dökünleri satyn almaly boldy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Şeýle-de, onuň tassyklamagyna görä, Orazowyň häkim bolan döwründe suw meselesi, edil Annaberdiýewiň häkim bolan döwründäki bilen deňeşdireniňde, birneme gowy boldy.
“...daýhanlar uruş, dawa-jenjel edip, potradyna suw tutmaly bolmadylar. Annaberdiýewi hiç bir daýhan, telekeçiler gowulykda ýatlamady” diýip, söhbetdeşimiz indi adamlaryň öňki wezipesine gaýdyp gelen häkim bilen işden aýrylan häkimiň arasynda bolmagy mümkin oňuşmazlyklardan alada edýändigini aýtdy.
“Halk içinde ‘Orazow bilen Annaberdiýewiň arasynda duşmançylyk bar, ozal Orazow häkim bolanda Annaberdiýewi işletmez, hiç ýerde ýol bermez diýen gürrüňler ýaýrapdy, häzir Annaberdiýew häkim bellenen badyna öňki häkim Orazowyň gol çekip, bölüp beren ýerlerine, gurluşyk firmalaryna täzeden göz gezdirip, ýerlerini ellerinden almagyň ugruna çykdy’ diýen gürrüňler edilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.
Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan daýhanlaryň sözlerine görä, Annaberdiýew öz döwründe, häkim wezipesinde wagty “oba hojalygyny dargatdy, etraplarda we geňeşliklerde öz islän adamlaryny para alyp, başlyk wezipesine getirdi”.
Ýatlatsak, iki ýyl ozal, Annaberdiýew wezipesinden boşadylanyndan soň, sebitde giň gerimli derňewleriň başlanandygy mälim boldy, ýöne olaryň netijeleri aýdylmady. Şu ýapyklyk bilen baglylykda, žurnalistleriň açyk işlemegine ýol berilmänsoň, habarçymyz parahorluk barada aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Annaberdiýew “satara zat tapsaňyz satmaly" diýýärdi
Şol bir wagtda, öň, Annaberdiýew ilkinji häkimligi döwründe “satara zat tapsaňyz satmaly, ýaplarda gömlen demir turbalary dograp, materiala geçirmeli, deregine sement, betondan guýlan suw geçelgelerini etmeli” diýýärdi, “hatda gowaça ekilmeli her gektar meýdana 3 müň manat berseň, islendik ekini ekmäge rugsat berýärdi” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
“...oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny tehnikalara dakdyrman, telekeçilere satardy, oba hojalygyna degişli islendik zady hususy telekeçilere satyp, oba hojalygyny dargadan adam diýlip tanalýardy. Suw ýetmezçiliginden welaýatyň bütin halky kösenýärdi, suw diňe ýokary wezipeli adamlara bökdençsiz berlerdi” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi yzyna getirilen häkimiň ‘tarypyny’ etdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda yzygiderli çalşylýan häkimler barada halk içinde hemişe diýen ýaly gürrüň edilýär we, synçylaryň käbiri hökümetiň bu praktikany adamlary güýmemek, birinji ýolbaşçynyň netijesiz dolandyryşyndan ünsi sowmak üçin ulanýandygyny öňe sürýär.
Ýöne bu praktika, hususan-da öňki resmileriň käbiriniň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmegi ýa-da soňky ykbalynyň belli bolman galmagy, adamlarda başga-da bir ynanjy, gorky-howatyry döredene meňzeýär.
“Häzir halk içinde ‘biziň ýurdumyzda häkim boljak adam ýok, sebäbi häkim wezipesinde ýa-da islendik ýokary wezipede işleseň, prezidentiň ýakyn garyndaşy bolmasaň, uzak işlemän, uzak wagtlyk türme tussaglygyna höküm edilýärsiň” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň pikiriçe, şu sebäpden indi, täze häkim bellemek üçin kadr tapman, öň düýpli kemçilik goýberen, para berip basylman galan adamlary täzeden wezipä bellemeli bolýar.
“Bulam indiki gezek beýdip aman sypyp bilermi, bilmezmi, ony wagt görkezer” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Halk içinde halka hakyky arkadag çykjak adamlar tapylarmy?
Azatlyk bilen pikirini paýlaşýan adamlaryň käbiri halk içinde halka hakyky arkadag çykjak adamlaryň hem tapyljakdygyny belledi. Onuň pikiriçe, Berdimuhamedowlar sähel wagtdan aýyby açyljak adamlary wezipä belläp, ilki özleri düýpli kemçilik goýberýärler.
“...belki, özleri prezidentligi başga adama, kagyz ýüzünde däl-de, hakyky arkadag çykjak adamlaryň birine berip görseler, mümkin ýurdumyzyň welaýatlary, etraplary gülläp öserdi, köçelere täze asfalt ýazylardy, bejerilmän ýatan döwük köprüler täzelenerdi, suw ýetmezçiligi aýrylardy, azyklar arzanlap, halkyň alýan aýlygy, çagalara berilýän kömek puly, maýyplyk we pensiýa haklary [köpelip], halk bergisiz, bol iýip-içip ýaşardy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Habarçy bilen pikirini paýlaşan adamlar welaýatda geçirilýän häkim çalyşmalarynyň hakykatda hiç zady üýtgetmeýändigini öňe sürýärler.
Söhbetdeşlerimiz halkyň işsizligiň azalmagyna, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, hassahanalaryň abadanlaşdyrylmagyna, ýa-da täze gurlup, halka ulanmaga berilmegine garaşýandygyny aýdýarlar.
“...häzire çenli ençeme häkim çalyşdy, bu zatlaryň hiç birine üns berilmedi” diýip, söhbetdeşimiz täze häkimiň, Annaberdiýewiň hiç kim üçin täzelik bolmandygyny, adamlaryň ony öňem iş ýüzinde görendigini we tanaýandygyny aýtdy.
Eger-de häkimlige täze bir ýolbaşçy, halkyň tanamaýan adamy häkim edilip getirilen bolsa, adamlar uly, ýagşy umyt bilen, ondan täzeliklere garaşardy, häzir adamlar bize, Mary welaýatynyň halkyna öňküdenem beter gün garaşýar diýýärler diýip, habarçymyz ýaýar.
Häkimleri çalyşmak 'hiç zady üýtgetmeýär'
Bu aladanyň sebäbi, dürli-dürli adamlaryň aýtmagyna görä, onuň häkim bolan döwründe ýönekeý raýatlaryň, daýhanlaryň arzyny düýpden diňlemezligi, ýazylan hatlara, arzalara jogap bermezligi bilen düşündirilýär.
Şeýle-de, onuň arz edip, ýagdaýyny düşündirjek bolup gelen adamlary diňlemän, häkimligiň howlusynyň daş ýüzünden, ulag çagyryp, polisiýa bölümlerine ýygnadandygy aýdylýar.
“Öňki gezek häkim bolan döwründe halk bähbitli ýekeje zat edilmedi, diňe baýlar döwran sürdi, bu gezegem wagt görkezer” diýip, Murgap etrabynyň birnäçe ýaşaýjysy aýtdy.Bottom of Form
Halk içinde ‘nägilelik dörendigi’ aýdylýan häkim çalyşmalary ýurduň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça bellän sepgidine ýetmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Ýöne ýaşaýjylar, öňki ýyllarda bolşy ýaly, hasylyň diňe kagyz ýüzünde bolup, ýurtda çörek, un aladalarynyň saklanyp galýandygyny, kadr çalyşmalarynyň ykdysady kynçylyklary aradan aýryp, daşary ýurtlarda işleýän ýüz müňlerçe türkmenistanlyny maşgalasyna gowşurmajakdygyny, adamlaryň gowulyga garaşmakdan ýadandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum