Mary welaýatyndaky çopanlar meýdanda bakylýan sygyrlar üçin kepek, iým daşamagyň barha gymmat düşýändigini aýdýarlar, adamlar çekirtgeleriň geçen ýerlerinde ot tapman, aýak üstünde zordan durýan mallaryny basymrak satyp dynmaga çalyşýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Redaksiýa gelip gowşan fotosuratlardan görnüşine görä, mallar gaty horlanyp, gapyrgalary sanaýmaly bolupdyr. Ýük maşynlaryna ýüklenip, mal bazarlaryna getirilen sygyrlaryň, göleleriň hyrydary az diýip, maldarlar hojalyklaryň uly zyýana galýandygyny gürrüň berdiler.
Çekirtgeden soňky 'horluklar'
“Çekirtgeler meýdan ýerlerinde biten ot-çöpleri çöpläp, gemrip iýip, öri meýdanlaryny tozap ýatan takyrlyga öwürdiler. Logistika bahasynyň gymmatlamagy aç mallara kepek daşamagy kynlaşdyrdy. Arryklan iri şahly mallary, tüweleri we olaryň ýaş gölelerini geçen bahasyndan satyp dynmakdan başga çäre galmady” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen çopan aýtdy.
Marynyň mal bazarlaryna aýlanyp gören habarçy satuwa çykan mallaryň hemmesiniň hordugyny, bir ýaşly, gapyrgalaryny sanaýmaly diýilýän göleleriň häzir 2000, 2100 manat bahalanýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, aýak üstünde zordan duran arryk mallary satyn almaga isleg bildirýän alyjylar tas ýok diýen ýaly.
Ilki bu golaýlarda görülmedik çekirtge belasy, meýdanlardaky otuň gysga wagtda iýlip gutarylmagy bilen başlanan kynçylyklar, aýdylmagyna görä, has uly meselä öwrülen ýangyç gytçylygy netijesinde, has agraldy.
Ýangyç eksport edýän ýurduň 'benzin derdi'
Habarçy bilen gürleşen adamlar sebitiň ýangyç guýulýan ýerlerinden ýangyç tapmagyň barha kynlaşýandygyny, daşyny garanjaklap duran sürüjileriň näme etjegini bilmeýändigini, islendik gytçylygyň ozalam az bolmadyk korrupsiýany çuňlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
“Mary welaýatynda islendik ýangyç guýujy stansiýa barsaň, ýangyç ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Sürüjilerin ulaglaryny dolandyrmagy günsaýyn, näresmi ýagdaýda gymmatlaýar. Bu ýagdaý bilen baglylykda korrupsiýanyň artmagy dowam edýär” diýip, bir sürüji aýtdy.
Azatlyk daşary ýurtlara ýangyç eksport etmegini her ýylda diýen ýaly artdyrýandygyny aýdýan Türkmenistanda dowam edýän benzin gytçylyklary, bu ýagdaýyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işine, bazarlara we ýönekeý adamlaryň durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsiri barada yzygiderli habar berýär.
Hökümet mejlislerinde diňe ösüş hasabatlaryny berýän resmiler bu habarlarda aýdylýan zatlara düşündiriş bermekden saklanýar.
Ýangyç guýujy stansiýalaryň birinde müdir bolup işleýän çeşme ýangyç gytçylygynyň sebäbini nebiti gaýtadan işleýän döwlet kärhanalarynda dörän ýagdaý, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmazlygy bilen baglanyşdyrdy, ýöne anyk, goşmaça detallary paýlaşmakdan saklandy.
Aýdylmagyna görä, ýangyç gytçylygy hökümetiň welaýatlarda her ele goýberilýän ýangyja näresmi çäklendirme girizmegine alyp geldi.
Emeli gytçylyk korrupsiýanyň enesimi?
Mysal üçin, Mary welaýatynda birnäçe kilometre uzaýan ýangyç nobatlarynda her ele 15 litr benzin satylýar we, alan ýangyjyň üçin, döwlet bahasynyň daşyndan goşmaça 10 manat tölemeli diýip, sürüjiler aýdýar.
Goşmaça töleg tölemekden ýüz öwren sürüjilere ýangyç satman, ‘arzyňy nirä isleseň ýetirip bilersiň’ diýen maslahaty berýärler diýip, bu aýdylýanlary tassyklan adamlar döwlet resmileriniň ýagdaýdan habarlydygyny, olara arz etmekden netije çykmajagyny hemmeleriň bilýändigini aýtdylar.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy geçen aýyň başynda benziniň iki görnüşiniň, A-95 we A-92 markaly benzinleriň gytalyp, ýangyç beketlerindäki nobatlaryň uzynlygynyň azyndan 2 kilometre ýetendigini habar berdi.
Şonda ýerli çeşme ýangyç gytçylygynyň beýle ýitileşen ýagdaýyny bilmeýändigini, ozal, ýalňyşmasa, “benziniň nol derejä düşen zaprawkalarynyň hasaba alynmandygyny” aýtdy.
Türkmenistanda maldarlaryň tebigy hadysalar, ot-iým, dürli keselçilikler netijesinde çekýän zyýany barada maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanyň benzini, dizel ýangyjyny ilata iň arzan bahadan berýän ýurtlaryň onlugyna girýändigini, durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasatyň, uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlarynyň ilaty ýurtda öndürilýän ýangyç bilen elýeter bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini tekrarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum