Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Patriot raketalarynyň käbiri eýýäm Ukraina ýollandy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Patriot raketa ulgamlarynyň käbiriniň eýýäm Ukraina ýollanandygyny aýtdy. Ol bu barada NATO ýurtlarynyň Ukraina ýarag iberjekdigini yglan etmeginiň ertesi güni mälim etdi.

“Olar Germaniýadan ugradyldy” diýip, Tramp 15-nji iýulda žurnalistler bilen söhbetdeşliginde aýtdy, emma goşmaça maglumat bermedi.

Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius Ukraina iki sany Patriot howa goranyş toplumyny ugratmaga taýýarlyk görülýändigini tassyklady. Pistorius 14-nji iýulda Pentagonda ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset bilen duşuşygyndan soň, raketalara degişli ähli tehniki, logistik we maliýe meseleleriň entek doly çözülmelidigini, ýöne munuň üçin päsgelçiligiň ýokdugyny aýtdy.

“Bular ikimiz üçin hem çözülip bilinjek meseleler. Şonuň üçin hem bu ugurda çalt hereket ederis” diýip, Pistorius belledi. Şeýle-de ol Ukrainanyň goşmaça howa goranyş ulgamlaryna juda mätäçdigini nygtady.

15-nji iýulyň agşamy Russiýanyň Şahed dronlary Harkiw şäherine zarba urdy we, ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, iki adam ýaralandy. Regional häkim Oleh Sinýehubow şäherde 20 minut içinde azyndan 17 partlamanyň bolandygyny mälim etdi.

Tramp 14-nji iýulda eden çykyşynda Russiýanyň ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamany kabul etmegi üçin 50 günlük möhlet berlendigini aýdypdy. Ol bu kabul edilmese, Russiýa bilen söwda edýän ýurtlara garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigini duýdurdy.

Tramp bu çykyşyndan soň prezident Putin bilen gürrüňdeşlik geçirmändigini aýtdy we şertnama boýunça täze gepleşikleriň meýilleşdirilendigini ýa-da ýokdugyny mälim etmedi.

“Eger 50 günüň soňunda ylalaşyk gazanylmasa, ýagdaý juda erbet bolar” diýip, Tramp aýtdy we ylalaşyga gelmek mümkinçiliginiň mundan has öň hem amala aşyp biljekdigini nygtady.

Žurnalistler Trampdan Financial Times neşirinde onuň Ukraina bilen şahsy gürrüňdeşliklerinde Russiýanyň jümmüşindäki sebitlere zarba urmagy ündändigi baradaky çykan maglumat barada hem soradylar. Neşir ýagdaýlardan habarly çeşmelerine salgylanyp, Trampyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiden, eger Birleşen Ştatlar uzak aralyga ýetýän ýaraglar bilen üpjün etse, Kiýewiň Moskwa zarba urmak mümkinçilikleri bilen gyzyklanandygyny ýazdy.

Tramp: “Ýok, ol Moskwa zarba urmaly däl” diýip jogap berdi. Şeýle-de ol uzak aralyga ýetýän amerikan raketalarynyň Ukraina ibermek ähtimallygynyň hem pesdigini aýtdy.

Ýewropanyň resmileri Ukraina zerur bolan ýaraglary üpjün etmek ugrunda tagalla edýärler. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy girizilmegi meýilleşdirilýän täze sanksiýalar toplumyny tassyklamaga synanyşýar. Emma Slowakiýa tarapyndan döredilen päsgelçilikler sebäpli bu mesele birnäçe hepdeläp çözülmän gelýär.

Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fiko Russiýadan gaz importynyň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bes edilmegi baradaky öňe sürülýän meýilnamanyň çäginde, Brýusselden goşmaça kepillikleri soraýar.

Slowakiýa henizem Russiýanyň gazyna garaşly bolmagynda galýar we onuň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna iberilýän gaz üçin tranzit töleglerinden girdeji alýar.

Forum

XS
SM
MD
LG