Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy ýagdaýlaryň birnäçesi döredi. Soňky iki günde güýçli ýagyn ýagyp, ýel tudy, tozanly tupanlar boldy we käbir sebitleri suw basdy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri bolan hadysalar barada habar berdiler.
Balkan welaýatynda iki günläp ýagan güýçli ýagyşyň netijesinde käbir ilatly ýerleri suw basdy, Balkanabat şäheriniň köçeleri suwdan doldy.
"Balkanabat şäherine uly derejede zyýan ýetdi. Şäheriň köp ýerleriniň ýollaryny sil suwy basdy. Köçeleriň asfalt örtügi we ýollaryň topragy çökdi. Sil asfalty çökeren bolsa, käbir ýol böleklerinde geçen ýerlerini opuryp, aryklary emele getirdi. Ulag hereketi kesildi" diýip, ýerli çeşmeleriň biri 15-nji iýulda gürrüň berdi.
Şäheriň peslikdäki böleklerinde ýerleşýän howlularda ýygnan ýagyş suwy bir metre çenli ýetdi. Käbir hojalyklaryň jaýlaryny hem suw basyp, öý goşlaryny zaýalady.
"Hojalyklaryň hususy howlularynda bir metr beýiklige çenli suw göterilip, jaýyň içindäki goşlary suwuň ýüzünde gaýmalap durdy. Hojalyklar öz janyny halas edip, ömür boýy toplan goşundan geçip, başyny gutarmaly boldular" diýip, çeşme aýdýar.
Şäher bazarlarynda ýagyş suwundan köller emele geldi. Uly mukdarda ýygnanan suw adamlaryň dyzyna çenli ýetdi.
Obalarda güýçli ýagyn daglardan sil suwlaryny getirdi. Akyp gelen bulamak suw ilatly ýerleri basdy.
"Güýçli ýagýan ýagyş siliň döremegine getirdi we dürli derejede obalaryň we şäheriň ýaşaýyş infrastrukturasyna zyýan ýetirdi" diýip, balkanabatly çeşme 15-nji iýulda gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, ýollaryň suw basan bölekleriniň topragy çöküp, opurylan ýerleri bolupdyr.
Balkan welaýatyndaky ýagyn barada maglumatlar sosial mediada hem peýda boldy. Türkmenistanlylaryň paýlaşan wideolarynda arasynda Balkan welaýatynyň Gumdag etrabynda turan tozanly tupany görkezýän wideolar hem bar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary güýçli ýeliň we ýagynyň Ahal welaýatynda we paýtagtyň töwereginde bolandygyny habar berdiler.
"Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur daýhan birleşiginde dagdan inen suw käbir hojalyklaryň öýlerine zyýan ýetirip, maddy zyýan çeken hojalyklar az bolmady. Käbir adamlar 'alladan gelen belany çekmeli bolarys' diýseler, beýlekileri 'hökümet zyýan bermese bolýar, kömeginden geçdik' diýip, häkimiýetlere ýüz tutmaýarlar" diýip, habarçymyz belledi.
Mundan öň şu ýylyň başyndan bäri Ahal welaýatynda güýçli ýagynlar we tüweleýler mart we aprel aýlarynda bolup, ýaşaýyş jaýlaryň ençemesine zyýan ýetiripdi. Emma ýaşaýjylar şonda häkimiýetlerden soran kömeginiň ret edilendigini habar beripdi.
Mart aýynda Balkan welaýatynda sil suwlary demirýoluň bir böleginiň opurylmagyna getirdi.
Ýurduň demirgazygynda Daşoguzda duzly ýeller ýygy-ýygydan gaýtalandy.
Aprel aýynda güýçli duzly tupan Daşoguz welaýatynda birnäçe etraby örtüp, töwerek daşy görmegi kynlaşdyrdy, adamlaryň demini gysdyrdy. Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri şol duzly tozanyň ozalkylaryndan has-da güýçli bolandygyny habar beripdi.
Duzly tupanlar birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň tutuş giňişliginde gaýtalanyp durýar.
Türkmen metbugatynda adaty bolmadyk tebigy hadysalar, onuň netijeleri we ilata ýetirýän täsirleri barada habar berilmeýär. Köp halatlarda häkimiýetler ilata duýduryş hem berilmeýär.
Türkmenistanda habar berilmedik tebigy hadysalaryň ýene biri şu aýyň başynda boldy.
2-nji iýulda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň golaýynda 4.6 bal derejesinde ýer titreme boldy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berdi. Türkmen döwlet mediasynda we hökümet agzalarynyň çykyşlarynda bu ýagdaý düýpden agzalmady.
Tebigy ýagdaýlar barada habar berýän daşary ýurt mediasynyň şol ýer titreme barada beren maglumatyna görä, ýer sarsgyny ýerli wagt bilen gije-ýaryndan soň sagat 12:16-da 10 km çuňlukda döräpdir.
Azatlygyň habarçylary şonda Bäherdende ýaşaýjylaryň ýeriň sarsmagyndan soň, gyssagly ýagdaýda öýlerinden daşary çykandygyny, käbirleriniň howsala düşüp, gijäni daşarda geçirendigini habar berdiler. Ýer sarsgyny Büzmeýin, Herrikgala, Gypjak, Gökje sebitlerinde hem duýlupdyr.
Türkmenistanlylar bu ýagdaý barada sosial media ulgamlarynda hem pikir paýlaşyp, ýer titremäniň özlerinde gorky döredendigini, onuň Arkadag şäherinde hem duýulandygyny bellediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum