Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (sagda) we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (sagda) we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär.

Azerbaýjan metbugatyna görä, ozalky prezidenti Bakuwyň aeroportunda premýer-ministriň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we daşary işler ministriň orunbasary Samir Şarifow dagy garşy alypdyr.

Azerbaýjanyň perzidentiniň websaýtyna görä, Ylham Alyýew bilen Berdimuhamedowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy geçdi.

Alyýew iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, şol sanda transport we energetika pudagy boýunça köp öňegidişiligiň bardygyny aýdyp, geljekki hyzmatdaşlyk barada hem pikir alyşyljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG