ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Russiýa barada “uly beýanat” berjekdigini aýtmagy bilen, onuň Ukrainanyň harby goldawy üçin ulanylman galan $4 milliarddan gowrak serişdeleri herekete geçirip-geçirmejegi ýa-da Moskwanyň we onuň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň garşysyna sanksiýalaryň giriziljekdigi baradaky çaklamalar orta atyldy.
Emma Tramp 14-nji iýulda Ak Tamda NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte bilen geçiren duşuşygynda, Ukrainanyň NATO agzalaryndan “Patriot” raketa ulgamy ýaly ýaraglary aljakdygyny we olaryň ornunyň ABŞ-da öndürilen täze ýaraglar bilen dolduryljakdygyny mälim etdi.
Rýutte Ukrainanyň aljak ýaraglarynyň bahasynyň milliardlarça dollara ýetjekdigini aýtdy, ýöne taraplar anyk haýsy ýaraglaryň we haçan iberiljekdigi baradaky jikme-jiklikleri äşgär etmediler.
“The Wall Street Journal” gazetiniň iki çeşmä salgylanyp beren habaryna görä, bu ýarag bukjasy 10 milliard dollar töweregi bolup biler.
Bu “uly beýanat” Trampyň Ukrainanyň ýarag üpjünçiligi baradaky öňki pozisiýasynyň üýtgändigini görkezýär.
Emma Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen baglanyşykly meselede Tramp görnüşinden öňküsi ýaly üýtgewsiz galýar .
Tramp söweş meýdanynda haýallyk bilen öňe ilerleýän Russiýa, ok atyşyklaryň bes edilmegi baradaky teklibi kabul etmegi üçin ýene 50 günlük möhlet berdi. Eger şu aralykda ylalaşyga gelinmese, Russiýa bilen söwda edýän ýurtlara garşy ykdysady basyş görnüşinde agyr gümrük paçlarynyň giriziljekdigini duýdurdy.
“Onuň bilen söhbetdeşliklerim gaty mylakatly geçýär, emma gije raketalar atylýar” diýip, Tramp Russiýanyň soňky hepdelerdäki yzygiderli howa hüjümlerine salgylanyp aýtdy.
“Men ony ganhor atlandyrmak islemeýärin, emma ol gaty bet biri. Ol köp adamlary aldap bildi” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp Ukrainadaky urşy bes etmek meselesini daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ol prezidentlige geçeli bäri Putin bilen azyndan alty gezek telefon arkaly gepleşik geçirdi we ýörite wekili Stiw Witkofy üç gezek Moskwa iberdi.
Emma Putin Trampyň 30 günlük ok atyşyklary bes etmek baradaky teklibini yzygiderli ret etdi we onuň ýerine Ukrainanyň üstüne has güýçli howa hüjümlerini dowam etdirdi.
Putin bilen “gowy gatnaşykda” bolandygyny aýdýan Tramp, birnäçe gezek urşy soňlamaga az galandygy baradaky pikirde bolandygyny hem aýtdy.
“Meniň prezident Putinden lapym keç boldy. Sebäbi iki aý ozal ylalaşyga gelner öýdüpdim, emma beýle bolmady” diýip, Tramp aýtdy.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Demokratiýany goramak gaznasynyň” Russiýa programmasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Jon Hardie: “Tramp dogry ugurda hereket edýär” diýdi. Şeýle-de bolsa, ol Putine ýene wagt bermegiň ähmiýetini sorag astyna aldy. “Putiniň häzirki wagtda çynlakaý gepleşik geçirmegi meýilleşdirmeýändigi öňküler ýaly aýdyň, şonuň üçin Trampyň entegem garaşýandygyna düşünemok” diýip, Hardie Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Muňa garamazdan, Trampyň bu beýanaty onuň ýanwarda prezident wezipesine girişeli bäri Ukrainany açyk goldamagynyň iň uly görkezmesi boldy.
Tramp häzirki wagtda Ukrainanyň harby goldawy üçin täze ýarag kömegini ibermedi. Ol munuň deregine Putin bilen gepleşik arkaly urşy tiz wagtda bes etmegi maksat edindi. Ozalky prezident Jo Baýden döwründe Ukrainanyň harby goldawy üçin $67 milliard serişde tassyklandy, emma ol wezipesinden gidende $4 milliard çemesi serişdeler ulanylman galdy.
Tramp saýlaw kampaniýasy döwründe Baýdeniň Ukraina goldawyny dowamly tankytlady, we “Ilki bilen Amerika” gün tertibini ilerletdi. Ýaraglaryň NATO arkaly Ukraina “satuw görnüşinde” iberilmegi bilen, Tramp öz saýlawçylaryna beren wadalarynda durýandygyny aýdyp biler.
Russiýanyň resmileri Trampyň beýanatlaryna uly ähmiýet bermeýändiklerini aýtdylar.
“50 günde söweş meýdanynda-da, Günbatar hökümetleriniň ilatyň arasyndaky goldawy babatynda-da kän zat üýtgäp biler. Emma esasy zat, bu beýanatlar biziň ruhy ýagdaýymyza hiç hili täsir ýetirmeýär” diýip, Kremle ýakyn hasaplanýan rus deputaty Konstantin Kosatçew Telegramda ýazdy.
*Makala gysgaldylan görnüşde terjime edildi.
Forum