ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçiren söhbetdeşliginde ondan näme sebäpden Kiýewiň Moskwa zarba urmaýandygy bilen gyzyklanypdyr. Bu barada The Washington Post neşiri atlandyrylmadyk çeşmä salgylanyp habar berýär. Neşir Trampyň Ukraina diňe Moskwa däl, eýsem Sankt-Peterburg şäherine hem zarba urmak arkaly Putine basyş görkezmelidigini aýdandygyny ýazýar.
Makalada aýdylmagyna görä, Zelenski Moskwa zarba urmak üçin ABŞ-nyň Ukrainanyň degişli ýaraglar bilen üpjün etmelidigini aýdypdyr. Tramp bolsa, neşiriň maglumatyna görä, Ukraina “Tomahawk” ganatly raketalary ibermek mümkinçiligine garapdyr. Şeýle hem, onuň ABŞ-nyň ATACMS raketalary bilen Russiýanyň jümmüşine zarba urmaga rugsat beren bolmagynyň mümkindigi nygtalýar. Bu raketalaryň uçuş uzaklygy takmynan 300 kilometre deňdir.
Bu görnüşli raketalar Ukrainanyň çäginden Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerine ýetip bilýär.
Häzirki wagta çenli Ukrainanyň “Tomahawk” raketalary bilen üpjün ediljekdigi resmi taýdan yglan edilmedi. The Washington Post bu kararyň häzirlikçe yza süýşürilendigini ýazýar. Ak Tam bu maglumat barada teswir bermekden saklandy.