Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahallylar Arkadagda gurulýan 'iň uly metjide' çykarylýan çykdajydan 'nägile bolýar'


Arkadagda gurulýan 'iň uly metjit'
Arkadagda gurulýan 'iň uly metjit'

Azatlygyň habarçysy Ahalda adamlaryň “häzirki ykdysady kynçylyk ýagdaýynda her annada jemagat bolup okalýan jumga namazyna gatnaşýanlaryň sany on adama hem ýetmeýän şäherde millionlarça dollar harçlap, iň uly metjit gurmaga näme zerurlyk bardy?” diýip, “akly haýran bolup” gürrüň edýändigini habar berýär.

Bu soragy berýän adamlaryň käsi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň dogduk obasy Gypjakda gurduran uly metjidini ýatlap, “Gurbanguly Berdimuhamedow merhum Nyýazow bilen ‘Kimiň metjidi uly?’ diýip, bäsleşik geçirjek bolýarmyka?” diýen soragy orta atsa, beýlekileri “Nyýazow wagtynda häzirki ýaly ykdysady kynçylyk ýokdy” diýýär.

"Köp adam metjit gurmaga çykarylýan pullara razy däl"

Şol bir wagtda, adamlar Gypjakda ilki birinji prezidentiň hossarlarynyň, soň özüniň jaýlanan uly metjidiniň hem býujet puluna, halkyň agzyndan kesilen serişdelere gurlandygyny, muňa köp adamyň razy bolmandygyny belleýärler.

Gürrüňi edilýän metjidiň düýbi, Ahal welaýatynyň baş metjidi hökmünde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren görkezmesi esasynda, 2023-nji ýylyň ýanwarynda tutuldy.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen adamlar bu metjidiň gurluşygynyň ykdysady krizisiň çuňlaşmagynyň on ýyla golaýlan we çuňlaşýan wagtynda başlanandygyny, şol bir wagtda oňa çykarylýan serişdeler babatynda açyk-aýdyňlygyň ýetmeýändigini aýdýarlar.

“...Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ykdysady krizisiň çuňlaşmagynyň dowam edýän wagtynda, azyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlaýan wagtynda, dindarlaryň ynamynyň gowşap, sanynyň kemelýän wagtynda merhum [Saparmyrat Nyýazow] bilen bäsleşik gurap, halky öňküsinden hem çykgynsyz hala düşürip, halkda özüne bolan nägileligi artdyrýar” diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.

Arkadagda gurulýan 'iň uly metjit'
Arkadagda gurulýan 'iň uly metjit'

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Arkadagda gurulýan metjit 30 müň adama niýetlenip, howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýar.

97 metr belentlikde syn ediş meýdançasy bolar

Täze metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adamyň namaza durmagyna mümkinçilik bermeli. Mundan başga, metjidiň 1500 adama niýetlenen sadaka jaýy bolmaly.


“Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär, olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar, minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyk, gepleşik geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer” diýip, türkmen metbugaty minaralaryň birinde, 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmagyň hem göz öňünde tutulýandygynyhabar berdi.

Şeýle-de, Berdimuhamedowyň görkezmesi esasynda, üç gatdan ybarat boljak metjidiň ýanynda medrese, muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar, beýleki ugurdaş hojalyk otaglary gurlar, namaz okamaga niýetlenen zallaryň gurluşygynda dürli görnüşli tebigy serişdeler, şol sanda bezeg üçin mermer we oniks daşlary ulanylar.

Täze metjidi göz öňüne getirmek üçin, onuň çäklerinde awtoulag duralgalarynyň, “dürli maksatly beýleki tehniki desgalaryň”, 10 gektar meýdany bolan seýilgäh zolagynyň, suw çüwdürimler toplumynyň boljakdygyny hem bellemek gerek.

Türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň gurýan gurluşygyna zerur bolan çykdajylar üçin raýatlaryň berýän haýyr-sahawat serişdeleri ulanylar.

Metjitler gurulýar, bahalary aýdylmaýar

Soňky ýyllarda Türkmenistan Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynda hem bu sebitleriň baş metjitlerini gurup, ulanmaga berdi, Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidini açdy, emma bu uly desgalara harçlanan serişdeler baradaky maglumatlary çap etmedi.

Hökümet tankytçylary türkmen häkimiýetlerini ýurtda gurulýan gurluşyklary, şol sanda metjitleriň gurluşyklaryny korrupsiýa maksatlary üçin ulanmakda aýyplasa, ýerli synçylaryň käbiri Aşgabady dini azatlyklary çäklendirmekde, metjitleri we döwletden aýlyk alýan dindarlary, şol sanda haj zyýaratyna gidýänleri ilaty gözegçilikde saklamak üçin ulanmakda aýyplaýar.

ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy komissiýasy (USCIRF) 2025-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistany ýene-de “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG