Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda polisiýa tarapyndan saklanan içerki migrantlar gan tabşyrmaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenbaşyda we Balkanabatda zähmet çekýän içerki migrantlar köpçülikleýin saklanýar we gan tabşyrmaga mejbur edilýär. Azatlyk Radiosynyň medisina we kanun goraýjy edaralardaky çeşmeleri munuň sebäbini gan zerurlygy we donorlaryň azlygy bilen düşündirdiler.

Polisiýa tarapyndan saklanan raýatlar welaýatyň medisina edaralaryna ugradylýar we gan barlagyndan geçýär, sagat adamlardan 300 gram gan tabşyrmak soralýar diýip, çeşmeler aýdýar.

"Sagdyn raýatlarymyzdan gan alyp bolansoň 300 gram üçin 200 manat pul berýäris we olardan 'arz-şikaýatym ýok' diýen dilhaty alýarys" diýip balkanly lukman aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen çeşmelere görä, gan tabşyran raýatlar muňa mejbur edilen hem bolsalar, şikaýatynyň ýokdugy barada dilhaty ýazýarlar, sebäbi polisiýadan gorkýarlar.

'Meýletin' mejburlyk

Gan tabşyrýanlaryň arasynda içerki migrantlardan başga alimentleri wagtynda tölemeýän raýatlar, şeýle-de dürli sebäplere görä saklanan ýa-da 15 günlük tussag edilen raýatlar hem bar.

"Polisiýadan gorkunjuna ýazyp berýärler. Alimentden karzy barlar hem prokuror çagyrmasa kaýyl bolýarlar. Olaryň köpüsi işsizler we nikasy bozulan adamlar" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Soňky aýlarda Balkan welaýatynda ýiti gan ýetişmezligi sebäpli köpläp operasiýalar gijikdirilýär diýip, ýerli lukmanlar hassalary Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň keselhanalaryna ugratmaly bolýandygyny gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, gan ýetmezçiligi donorlaryň gözlenmegine sebäp bolýar.

"Hakykatdan-da gan ýetmezçilik edýär, donorlar ýetmeýär. Şol sebäpli welaýat suduna haýyş edip, aliment bergisi barlary, ýa-da bankdan bergili raýatlary, serhoş bolup 15 gije-gündiz tussag edilen raýatlary we içerki migrantlary gany arassa bolsa donorlyga çekmäge ýardam soralýar" diýip, welaýatyň kanun goraýjy edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Gan tabşyrmak meselesindäki mejburlyk diňe bir kanun goraýjylaryň eline düşen raýatlar bilen çäklenmeýär. Soňky wagtda hatda meýletin gan tabşyrýan donorlardan hem gany has ýygy-ýygyndan tabşyrmak soralýar.

Balkanabadyň welaýat hassahanasynyň gan bölümindäki ýagdaýdan habarly çeşme şeýle gürrüň berdi: "Hassahananyň "Gan Bank" bölümi hasapda duran donorlaryň düzgüne görä, 2 aýdan bir gezek gan tabşyrmagyň deregine bir aý on günden gan tabşyrmagy talap edýärler".

Şeýle-de, balkanly çeşmeler hassahanalarda gan ýetmezçiliginiň fonunda gan söwdasynyň gara bazarynyň dörändigini belleýärler.

"Ganyň gara bazar söwdasy bar, ýagny 350 gram gan gabyny 3 müňden 7 müň manada çenli bikanun bahadan satýarlar" diýip, çeşme aýtdy.

Adamlaryň keseldigi anyklanýar

Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler gan tabşyrmak üçin gelýän we getirilýän adamlaryň ganynyň barlanýandygyny we olaryň ählisiniň donorlyga ýaramaýandygyny gürrüň berdiler.

"Gan ilki WIÇ we Gepatit wiruslaryna analiz üçin alynýar we sagdyn raýat bolsa, gan tabşyrmaga mejbur edýäris. Her kimiň gany sagdyn däl" diýip, balkanyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle gan barlagynyň netijesinde raýatlaryň arasynda keselliler hem anyklanýar.

"Gepatit 'A', 'B' we 'C' köp anyklanýar. Näsaglar örän köp. Adamlar gepatit wirusy ýokaşyp, aýak üstinde geçirýärler. WIÇ/SPID hakda maglumatlar göni MHM ugradylýar" diýip, çeşme aýtdy, emma anyk sanlary bermekden saklandy.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri gan tabşyrmak mejburlygyna administratiw jogapkärçiligine çekilen we jerime töläp bilmedik raýatlar, şol sanda aliment bergisini berip bilmedikler çekilýär.

Şeýle-de, maddy ýagdaýy gowşak maşgalalaryň öz hossarlarynyň operasiýasy ýa-da beýleki medisina hyzmatlary üçin töläp bilmedik ýagdaýynda olardan gan tabşyryp, hasaplaşmak talap edilýär.

Geçen aýda Lebapda býujet işgärlerinden gan tabşyrmak talap edildi. Şonda türkmenabatly resmi bu mejburlygyň sebäplerini 14-nji iýunda bellenýän gan donorlarynyň halkara gününiň golaýlamagy bilen düşündiripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG