ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina goşmaça “Patriot” howa goranyş ulgamlaryny iberjekdigini aýtdy. Bu onuň Russiýa bilen bagly Waşingtonyň alyp barjak syýasaty barada “möhüm beýanat” etjegini aýtmagy bilen gabat geldi.
Tramp 13-nji iýul agşamy Waşingtonyň golaýyndaky harby bazada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, Ukraina iberilmegi meýilleşdirilýän “Patriot” ulgamlarynyň anyk sanyny mälim etmedi. Kiýew bu ulgamlar üçin köp wagtdan bäri çagyryş edip gelýär. Ukrainanyň häkimiýetleri, soňky hepdelerde Russiýa tarapyndan has-da güýçlendirilen howa hüjümlerinden goranmak üçin, bu ulgamlaryň iňňän wajypdygyny aýdýar.
Tramp çykyşynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini ýene-de tankyt etdi. Mundan öň hem, ABŞ-nyň prezidenti Putin babatynda nägileligini beýan edipdi.
“Biz olara gyssagly zerur bolan Patriot ulgamlaryny ibereris. Sebäbi Putin köp adamlary hakykatdan hem geň galdyrdy” diýip, Tramp aýtdy. “Ol gündizlerine örän hoş sözleri aýdýar, ýöne agşam bolsa hemmelere bomba ýagdyrýar. Bu meniň göwnüme ýaranok” diýip, Tramp sözüne goşdy.
“Munuň üçin tölegi Ýewropa Bileleşigi berer. Biz hiç zat tölemeýäris, ýöne ulgamlary ibereris” diýip, Tramp belledi, şol bir wagtda söwda ylalaşygyna gatnaşjak Ýewropa ýurtlarynyň anyk atlaryny agzamady.
Tramp administrasiýasy şu aýyň başynda Ukraina iberilmegi göz öňünde tutulan käbir ýaraglary saklanýandygyny mälim edipdi.
Tramp häkimiýete geleli bäri, Putin bilen telefonda alty gezek gepleşdi. Ol soňky döwürde Putiniň ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşlary ret etmegi sebäpli nägileligini açyk beýan edip başlady.
“Biz Putinden köp biderek gürrüň eşidýäris. Ol köplenç gowy sözleri ulanýar, ýöne onuň aýdýanlary netijesiz” diýip, Tramp 8-nji iýulda nygtapdy.
Trampyň soňky döwürde Putini has açyk tankytlamagy üns çekiji ýagdaýdyr. Sebäbi ol mundan ozal köplenç Russiýanyň liderine oňyn baha beripdi.
Geçen hepde Tramp Russiýa barada ýene açyk görnüşde tankydy pikirlerini beýan etdi.
“Men Russiýadan lapykeç boldum, ýöne öňümizdäki birnäçe hepdede ýagdaýlaryň nähili boljagyna serederis” diýip, Tramp NBC News teleýaýlymyna aýtdy.
Täze “Patriot” ulgamlaryndan özge, Trampyň ýene haýsy kararlaryny mälim etjegi häzirlikçe anyk däl. Axios neşiriniň, ýagdaýlardan habarly iki çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, Trampyň “agressiw syýasat” yglan edip, şol sanda hüjüm häsiýetli ýaraglary hem iberip başlamagy mümkin.
ABŞ şu wagta çenli Ukraina üç sany “Patriot” toplumyny iberdi. Bularyň ählisi ozalky prezident Jo Baýdeniň döwründe amala aşyryldy. “Patriot” dünýäniň iň kämil howa goranyş ulgamlarynyň biri bolup, ballistik we ganatly raketalary ýok edip bilýär.
Mundan başga-da, Ukraina Germaniýadan üç we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň toparyndan bir sany “Patriot” toplumyny aldy.
Russiýa şu ýyl Ukraina garşy raketa we dron hüjümlerini ýaýbaňlatdy.
Forum