Dünýäde häzir häkimiýet başyndaky döwlet ýolbaşçylarynyň iň ýaşulysy hasaplanýan Kamerunyň prezidenti Pol Biyýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryna bellenen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan etdi.
Degişli beýanat 13-nji iýulda onuň X sahypasynda peýda boldy.
Pol Biyýa Kamerunyň prezidenti wezipesini 1982-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýär. 2008-nji ýylda prezidentlik möhletiniň çäkleri ýatyrylandan soň, ol çäklendirilmedik gezek prezidentlige dalaş etmäge hukuk aldy. Eger bu gezek hem ýeňiş gazansa, Biyýa häkimiýet başynda 99 ýaşyna çenli galyp biler.
Onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly meseleler ýygy-ýygydan jemgyýetçilikde dürli soraglary döredýär. Ol geçen ýyl 42 günläp köpçülikde görünmändi. Şonda häkimiýetler prezidentiň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, milli howpsuzlyk sebäplerine salgylanyp, bu mesele barada gürrüň etmegi hem gadagan edipdiler.
Kamerun ykdysady çökgünlik, iňlis dilli sebitlerdäki separatistiki gapma-garşylyklar we ýurduň demirgazygyndaky terror howpy ýaly agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýar.