Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ukraina üçin “Patriot” ulgamlarynyň täze tapgyryny yglan etdi


“Patriot” zenit-raketa ulgamy
“Patriot” zenit-raketa ulgamy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina “Patriot” zenit-raketa ulgamlarynyň täze tapgyrynyň ugradyljakdygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu toplumlaryň tölegi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan töleniler. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Trampyň bellemegine görä, bu toplumlar Ukrainanyň özüni gorap bilmegi üçin zerur. “Putin gaty gowy gepleýär, ýöne şol agşam hemmä bomba ýagdyrýar” diýip, Tramp Waşingtonyň ýanyndaky harby bazada žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Ol iberiljek toplumlaryň sany barada jikme-jik maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG