Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa gijäniň dowamynda Ukraina dronlar we raketalar bilen zarba urdy


Russiýanyň Şostka şäherine uran zarbasynyň netijeleri (arhiw suraty)
Russiýanyň Şostka şäherine uran zarbasynyň netijeleri (arhiw suraty)

15-nji iýula geçilen gije Russiýanyň harby güýçleri ýene-de dronlar we raketalar bilen Ukrainanyň territoriýasyna zarba urdy.

“Nastoýaşeýe Wremýa” neşiriniň ýazmagyna görä, Sumi oblastyndaky Şostka şäherine üç raketa bilen hüjüm edilipdir. Şäheriň häkimi Nikolaý Nogaň aýtmagyna görä, rus harbylary Sweskiý psiho-newrologiýa dispanserine zarba urupdyr, netijede hassahananyň bir binasy doly weýran bolupdyr. Mundan başga-da, 11 köp öýli jaýa we 10-dan gowrak hususy jaýa zyýan ýetipdir. Hüjümde 14 ýaşly bir gyz çaga ýaralandy.

Zaporižýe oblastyndaky Gulýaýpole şäherine artilleriýa bilen edilen hüjümde iki adam ýaralandy.

Donetsk oblastynda dört adam ýaralandy. Sebitiň prokuraturasy Russiýanyň goşunlarynyň “Smerç” reaktiw zalp ot açyş ulgamy arkaly Rodinskoýe obasyna hüjüm edendigini habar berdi. Soňky günlerde rus we ukrain çeşmeleri Russiýanyň Pokrowsk şäheriniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän bu obany basyp almak synanşyklary barada maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG