Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde 15 näsagy bilkastlaýyn öldürmekde aýyplanýan lukman sud edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Germaniýanyň paýtagty Berlinde agyr keselli näsaglara palleatiw ideg bilen meşgullanan lukmanyň 15 näsagy bilkastlaýyn öldürendigi baradaky aýyplamalar boýunça kazyýet diňlenişigi başlandy.

DPA habar gullugynyň ýazmagyna görä, lukman öz günäsini boýun almaýar, sudda 150 töweregi şaýadyň çykyş etmegine garaşylýar. Diňlenişikler geljek ýylyň ýanwaryna çenli dowam edip biler. Kazyýete arza bilen ýüz tutan 13 adam, bu lukmanyň garamagynda ölen hassalaryň ýakynlarydyr. Germaniýanyň kanunlaryna laýyklykda, aýyplanýanyň ady köpçülige äşgär edilmeýär.

BBC-niň ozal habar bermegine görä, aýyplama netijesinde lukmanyň öldürmek üçin dürli dermanlaryň howply garyndysyny ulanandygy, şeýle-de subutnamalary ýok etmek üçin, käbir pidalarynyň öýlerini ýakandygy aýdylýar.

Aýyplamanyň maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň iýulyna çenli lukman azyndan 12 aýaly we üç erkek kişini öldüripdir. Käbir pidalaryň entek anyklanmadygy hem mümkin. Ölen näsaglaryň 25 ýaşdan 94 ýaş aralygynda bolandygy bellenilýär.

Ölenleriň hemmesi lukmanyň garamagyndaky agyr we bejerilmeýän keselli adamlar bolupdyr. Olar sagalmak üçin däl-de, ýaşaýyş şertleriniň hilini gowulandyrmak üçin palleatiw ideg alýardy. Prokuratura görä, heläk bolanlaryň hiç biriniň ýagdaýy ölümiň bäri ýany derejesinde agyr bolmandyr.

XS
SM
MD
LG