Türkmenistanly dzýudoçy Aziýa kubogynda bürünç medal aldy

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanly dzýudoçy Käkilik Derýaýewa Gazagystanyň Almaty şäherinde kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa kubogynda bürünç medal gazandy.

15 ýaşly türgen 48 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşyň dowamynda jemi dört ýeňiş gazanypdyr.

3-4-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa 9 ýurtdan 450 dzýudoçynyň gatnaşandygy, Türkmenistana 15 türgeniň wekilçilik edendigi bellenilýär.

Türkmen metbugaty Derýaýewanyň sambo boýunça iki gezek dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň okuwçysydygyny ýazýar.

Degişli maglumat Salam, Dogan! Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi “örän çäkli bolmagynda galýar”