Tramp: “Putin köp samsyk zatlary aýtdy”, Russiýa garşy täze sanksiýalar mümkin

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

8-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamda eden çykyşynda, rus prezidenti Wladimir Putinden lapynyň keç bolandygyny we Moskwanyň Ukrainadaky urşy bes etmäge isleg bildirmeýändigi sebäpli, Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary girizmegiň mümkindigini aýtdy.

Trampyň sözlerine görä, Putin “örän köp samsyk zatlary aýtdy”. Amerikan prezidenti rus lideriniň özüni “mylaýym” alyp barýandygyny, ýöne munuň “hiç hili manysynyň ýokdugyny”, sebäbi entegem köp adamyň heläk bolýandygyny belledi.

Žurnalistleriň Russiýanyň soňky ädimlerine nähili jogap beriljekdigi barada soralanda, Tramp Russiýa “kiçiräk bir sýurpriz” hödürläp biljekdigini duýdurdy. Ol häzirki wagtda senatorlar topary tarapyndan taýýarlanan täze sanksiýalar baradaky kanun taslamasyny öwrenýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Tramp, bu resminamanyň kabul edilmeginiň onuň soňky netijesine bagly boljakdygyny nygtady.

Şeýle-de Trampyň aýtmagyna görä, ol golaýda Ukrainanyň özüni goramak maksady bilen, uruşdan ejir çekýän ýurda ýaraglaryň täze tapgyryny ugratmak barada razylyk beripdir. “Putin adamlara garşy özüni gaty ýalňyş alyp barýar. Ol juda köp adamy öldürýär” diýip, ABŞ-nyň prezidenti sözüne goşdy.