ABŞ-nyň ýaraglary Ukraina NATO arkaly iberiler diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 10-njy iýulda aýtdy. Mundan öň, Pentagon ABŞ-nyň ýarag ätiýaçlyklarynyň azalmagy sebäpli, käbir ýaraglaryň iberilmegini saklaýandygyny mälim edipdi.
Tramp şeýle hem 14-nji iýulda Russiýa bilen bagly “möhüm beýanat” bilen çykyş etjekdigini mälim etdi. Ol bu beýanatyň mazmuny barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne ABŞ-nyň Ukraina ýarag üpjünçiligi barada düşündiriş berdi.
“Biz ýaraglary NATO-a iberýäris, NATO bolsa olaryň çykdajylaryny 100% töleýär. Şeýlelikde, biziň iberýän ýaraglarymyz NATO-nyň üsti bilen Ukraina gowşurylýar, çykdajylaryny hem NATO öz üstüne alýar” diýip, Tramp NBC telekanalyna beren interwýusynda belledi.
Şu hepdäniň başynda Tramp, Pentagonyň 2-nji iýulda Ukrainanyň ýarag üpjünçiligini bölekleýin saklamak baradaky kararyna Kongresiň käbir agzalarynyň garşy çykmagy sebäpli, Ukraina goranyş maksatly ýarag ibermek baradaky çözgüdi kabul edipdi.
8-nji iýulda Tramp Pentagonyň öňki kararyny üýtgedip, rus goşunlarynyň hüjümleriniň güýçlenmeginiň arasynda, ABŞ-nyň Ukraina goranyş ýaraglaryny ýene-de iberjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň hereketlerinden närazydygyny belläp, Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Tramp, senator Lindsi Grem (Respublikançy, Günorta Karolina) bilen senator Riçard Blumentalyň (Demokrat, Konnektikut) Russiýa hemaýat berýän ýurtlara garşy täze sanksiýalary we tarifleri girizmegi, şeýle-de Russiýanyň bank ulgamyny nyşana almagy göz öňünde tutýan kanun taslamasyny öwrenýändigini hem aýtdy.
“Duşenbe güni Russiýa barada möhüm beýanat bilen çykyş etjekdigime ynanýaryn” diýip, Tramp interwýusynda nygtady.
Tramp çykyş eden mahaly, rus güýçleriniň Ukrainanyň Harkiw sebitine eden dron hüjümleri netijesinde azyndan bir adamyň ölendigi we 14 adamyň ýaralanandygy barada ukrain resmileri habar berdiler. Hüjümde Harkiw şäherindäki bäbekhana hem bölekleýin zeper ýetdi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinýehubow mälim etdi.
Kremlden bu wakalar barada bada-bat beýanat bolmady. Rus resmileri Ukrainanyň Tula sebitine dron bilen hüjüm edendigini, netijede bir adamyň ölendigini öňe sürdüler.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 9-njy iýulda Rimde geçirilen Ukrainany dikeltmek baradaky halkara maslahatynda çykyş edip, ýaranlaryny ýurduň täzeden dikeldilmegi üçin rus aktiwlerini “has işjeň” ulanmaga çagyrdy. Şeýle-de, ol Ukrainanyň ýarag üpjünçiligine, bilelikdäki goranyş önümçiligine we maýa goýumlaryna çagyrdy.
10-njy iýulda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Malaýziýada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygynda, Moskwanyň has maýyşgak hereket etmeginiň zerurdygy baradaky pikiri nygtandygyny aýtdy.
“Biz konfliktiň nähili tamamlanjakdygyny görkezýän anyk ýol kartasynyň taýýarlanylmagyny isleýäris” diýip, Rubio belledi. Ol şeýle hem Tramp administrasiýasynyň Russiýa garşy täze sanksiýalar baradaky kanun taslamasy boýunça ABŞ-nyň Senaty bilen iş alyp barýandygyny aýtdy.
Rubio Ukrainadaky urşy tamamlamak boýunça ABŞ-nyň strategiýasynyň, konflikte gatnaşyjy ähli taraplar bilen gepleşikleri dowam etdirmekden ybaratdygyny mälim etdi.
Rubio Pentagonyň Ukraina ýarag ibermek baradaky beýanatynyň nädogry beýan edilendigini aýdyp, ABŞ-nyň Ukraina berýän harby kömeginiň aglaba böleginiň hiç wagt togtadylmandygyny nygtady.
Rubio şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Russiýanyň 100 müň esgerini ýitirendigini aýdyp, olaryň diňe ýaraly däl, heläk bolandygyny aýratyn belledi. Şol döwürde, Ukrainanyň ýitgileriniň has az bolandygy, ýöne munuň hem örän uly görkezijidigini aýtdy.