Gazagystanyň DIM-i Azattygyň ýene dokuz işgärine akkreditasiýa bermekden ýüz öwürdi

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň nyşanaly mikrofon

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi RFE/RL-Gazagystanyň (Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazagystandaky wekilhanasynyň, Azattyk Radiosynyň) ýene dokuz işgäriniň akkreditasiýasyny uzaltmakdan ýüz öwürdi. Bu barada ministrligiň iberen hatynda mälim edilýär.

“Bu çözgüdiň kabul edilmegine Wekilhananyň Gazagystan Respublikasynyň kanunçylygyny, hususan-da ‘Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky’ Kanunyň 30-njy maddasynyň 4-nji bendini yzygiderli bozandygy esas boldy” diýip, Gazagystanyň DIM-i akkreditasiýa baradaky haýyşa beren jogabynda belledi.

RFE/RL-Gazagystanyň ýolbaşçylary akkreditasiýanyň möhleti tamamlanmazdan iki aý öň, kanunda bellenilen tertipde, DIM-iň resmi elektron salgysyna degişli haýyşnamalary ugratdylar. Ministrlik bu dokumentleri kabul etdi. Tertibe laýyklykda, DIM iki aýyň dowamynda arzalara seretmeli we akkreditasiýanyň berilmegi ýa-da ret edilmegi baradaky karary sebäplerini düşündirip, ýazmaça jogap bermeli.

Emma iki aýlyk möhlet gutarandan soň, ministrlik ne akkreditasiýanyň berilýändigi, ne-de onuň ret edilýändigi barada habar iberdi. Soňra bolsa “dogry-dürs seljermek üçin möhüm bolan fakt ýagdaýlary anyklamak maksady bilen” arzalary seretmegiň möhletini ýene iki aý uzaldýandygyny mälim etdi.

Geçen hepde Azattyk DIM-iň ýedi žurnaliste akkreditasiýa bermezlik baradaky ozalky karary sebäpli kazyýete ýüz tutdy. Arzada ministrligiň akkreditasiýanyň ret edilmeginiň sebäplerini düşündirýän hiç hili anyk maglumat bermezden, diňe umumy kanuny esaslara salgylanyp hereket edendigi bellenilýär. Mundan başga-da, ministrlik RFE/RL-Gazagystandan žurnalistleriň işi barada hiç hili goşmaça dokument talap etmändi.