Azerbaýjan prezidenti bilen Ermenistanyň premýer-ministri Abu-Dabide duşuşdy

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew

10-njy iýulda Abu-Dabide Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjan Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, “gepleşikler konstruktiw ýagdaýda geçdi we ýurtlaryň arasyndaky parahatçylykly gün tertibine degişli meseleleriň giň gerimini öz içine aldy”. Maglumata görä, taraplar esasan döwlet serhediniň kesgitlenmegine üns berdiler, liderler şu ugurda gazanylan ösüşe ýokary baha berdiler we degişli döwlet edaralaryna bu ugurda işleri dowam etdirmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, Zengezur geçelgesiniň açylmagy we ösdürilmegi, ýurtlaryň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi hem serhet çäklerini kesgitlemek meselesinde gazanylan ösüşi belläp, ynamy pugtalandyrmak we gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

“Ikitaraplaýyn gepleşikler, bu gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna degişli ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iň täsirli formatdyr, we şu esasynda netijä gönükdirilen dialogy dowam etdirmek kararyna gelindi” diýip, Ermenistanyň daşary syýasat edarasy beýanatynda aýtdy.