Ahally daýhanlar para bermekden ýüz öwrüp, 'hakykat üçin göreşjek' diýýär

Bezeg suraty

Ahal sebitiniň etrap polisiýalarynyň işgärleri onlarça daýhany bugdaýy ýygnalan ýerlerini otlamakda aýyplap, munuň üçin uly jerime tölemeli boljakdyklaryny aýdýarlar; daýhanlar bu işiň para almak üçin toslanyp tapylandygyny öňe sürýärler.

Ýurt ýapyklygy sebäpli resmi taýdan tassykladyp bolmaýan habarda aýdylmagyna görä, polisiýa bölümine telefon arkaly çagyrylan kärendeçiler indi gol çekilen, möhür basylan çakylyk haty bilen çagyrylmaklaryny talap edipdirler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Ahalda iýun aýyndan bäri bugdaýy orlan ýerler otlanýar, potrat eýelerini polisiýa bölümlerine çagyryp sorag edýärler, olara agyr jerime salynjakdygyny aýdýarlar diýip, habarçymyz bugdaý ekip, döwlet harmanyna hasyl tabşyran daýhanlaryň gaharyny getiren täzeligi habar berdi.

Aally potratçylaryň aýtmaklaryna görä, polisiýa işgärleri daýhanlara telefon edip, olary degişli polisiýa müdirligine çagyrýarlar. Ýöne telefonda bu çakylygyň sebäbi aýdylmaýar, daýhanyň näme üçin çagyrýarsyňyz diýen soragyna “gelip git, bärde düşünişeris” diýip jogap berýärler.

Degişli maglumat Bäherdende bugdaý hasyly pes boldy, daýhanlar geljegi gaýgy edýär


“Gel diýlensoň, men ol ýere bardym. Polisiýa müdirliginiň daş işiginde men ýaly eline jaň edilip çagyrylan onlarça adam garaşyp oturan eken. Maňa-da garaş diýdiler. Garaşdym. Oturanlaryň arasynda gürrüň çykdy. Adamlar gije biziň potrat meýdanlarymyz otlanypdyr, şol sebäpden çagyryldyk diýip, özara gürrüň etdiler.”

Polisiýa işi 5 müň manada ýapjakdygyny aýdýar

Polisiýa bölüminde sorag edilen adamlaryň sözlerine görä, potrat ýerlerine ‘ot düşen’ adamlara ‘siz bugdaýy orlan meýdanlaryňyzy otlapsyňyz, häzir hasyly ýygnalan ýerleriň otuny otlamak gadagan, işiňiz prokuratura geçýär, uly jerime garaşýar’ diýip, olardan işi ýapmak üçin 5 müň manat möçberinde para sorapdyrlar.

“Bizden, potrat ýerine ot düşen daýhanlardan 5 müň manat para soradylar. 5 müň manat berseňiz, işiňizi prokuratura geçirmän, işiňizi o ýeri bir çopan ýakypdyr diýen ýaly bahana bilen ýapjak diýdiler” diýip, daýhan bu hili ýagdaýda adamlaryň ekin ekip, hasyl tabşyryp ýörmeginiň manysynyň galmajakdygyny aýtdy.

Daýhan ekiş wagtyndan başlap ilki dökün, tehnika hyzmatlary, suw üçin çykdajy edýär, soň, gögeriş alynýança, ekini guşdan goraýar. Ekin ýetişip, hasyl ýygnalýança potrat ýerinden gaýtman, öýüne myhman bolýar. Orak wagtynda kombaýn hatardan çykyp, oňa-da ençeme gezek çykdajy edýär, kombaýnçyny naharlaýar diýip, Azatlyk bilen gürleşen kärendeçiler indi gijelerine meýdanda galyp, ýerlerini garawullamaly bolsalar, bu işi bes etmekden başga alaçlarynyň bolmajakdygyny aýdýarlar.

Polisiýa işgärleri daýhanlaryň ekin ýerini kim otlan bolsa, şony tapyň, şoňa jerime salyň diýen sözlerine jogap bermändirler. Netijede, öz sözlerine görä, polisiýa çagyrylan adamlar hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini özleriniň ençeme aýlap der döküp gazanan pullaryna göz dikmekde aýyplap, “bu işde siziň eliňiz bar bolmasyn, çopanlar hiç wagt ekin meýdanyny otlamaýar” diýýär.

Gahary gelen daýhanlaryň käbiri “iş aç-da, geçir prokuratura, biz siziň üstüňizden, gerek bolsa prokuraturanyň üstünden arz etjek” diýýär.

Daýhanlar 'kazyýetde görşeris' diýýär

Adamlar bu gezek arzlaryny, öňki ýaly prezidente hat ýazyp däl-de, internet üsti bilen, wideo ýazgy edip eşitdirjekdiklerini aýtdylar diýip, söhbetdeşimiz para alyp bolmajagyny bilen hukuk goraýjylaryň yza çekilmäge mejbur bolandygyny gürrüň berdi.

“Aý bolýa, sizi aýry-aýrylykda çagyrmalydyk, beýdip baryňyzy jemlesek, şeýle boljagyny bilýädigem” diýip, polisiýa biziň agzybirleşmegimizden nägile bolup, “baryň, häzirlikçe gidiberiň, haçan çagyrsak gelersiňiz” diýdi. Biz sen haçan çagyrsaň däl-de, hakyky ot ýakany tapyp, işi prokuratura geçirseňiz, şondan soň kazyýete çagyrsaňyz, şonda geleris, gel diýeňde gelip, garaşyp oturmaga wagtymyz ýok diýdik” diýip, birnäçe daýhan aýtdy.

Şeýle-de, olar özleriniň indiki gezek jaň edip däl-de, gol çekilen, möhür urlan çakylyk haty bilen çagyrylmaklaryny talap edip, gohlaşyp gaýdandyklaryny gürrüň berdiler.

Degişli maglumat Daýhanlar gawun-garpyzlaryny şagallardan goramakda kömek soraýar


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hukuk goraýjy işgäriň aýtmagyna görä, jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri bu hili ‘aýyplamalary’ öz erklerine oýlap ýa toslap tapmaýarlar.

“Biziňkem aňsat däl, her gün 6-7 adamy bugdaý hoşasyny çöpledi diýip saklamaly. Häzir hoşa çöpleýän hem ýok. Plastik gaplary çöpleýänleri, zibil dörýänleri, spirtli içgi içip tutulanlary, maşgala ýagdaýy pes hojalyklaryň agzalaryny saklap, ellerine 20 manat berip, ‘hoşa çöpledim’ diýip ýazdyrýarys. Bizem bir zat edip iş görkezmeli” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hukuk goraýjy aýtdy.

Hukuk goraýjylaryň jenaýatlaryň öňüni alyşlary barada Aşgabada yzygiderli hasabat bermeli bolýandygyny başga-da birnäçe hukuk goraýjy tassyk etdi. Azatlyk maglumat beren, pikirini aýdan daýhanlaryň we hukuk goraýjy işgärleriň atlaryny, ýaşaýan, işleýän ýerlerini howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.

Azatlygyň habarçysy bu işi gözegçilikde saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.