10-njy iýulda Türkmenistan daýhanlaryň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini yglan etdi.
Resmi maglumata görä, bu ýyl ýurduň harmanyna 1 million 407 müň tonna bugdaý tabşyrylypdyr.
Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli daýhanlar bu ýylyň has gurak bolmagy, suw ýetmezçiligi, çekirtgeleriň çozuşy, şeýle-de häkimiýetleriň öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmezligi bugdaý hasylyna ýaramaz täsir ýetirendigini bellediler.
Türkmen häkimiýetleri bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilýändigini, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini öňe sürseler-de, ýurtdaky un, çörek ýiti gytçylygy saklanyp galýar.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistan daşary ýurtlardan uly mukdarda un satyn alýar.
Azatlygyň habarçylary ýurtda oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeýändigini, ekerançylyk pudagynda ýyllarboýy dowam edýän suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly problemalar barada yzygiderli habar berýärler.