10-njy iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NBC telekanalyna beren interwýusynda öňümizdäki duşenbe güni Russiýa babatynda möhüm beýanat etjekdigini aýtdy we özüniň “Russiýadan lapykeç bolandygyny” nygtady.
Söhbetdeşlikde Tramp, rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy amala aşyrýan dowamly hüjümlerini tankyt etdi. Prezidentiň sözlerine görä, ol Kongresiň Russiýanyň energiýa serişdelerini satyn alýan ýurtlara garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan kanun taslamasyny tassyklamagyna garaşýar. “Olar juda uly we juda agyr kanun taslamasyny kabul ederler, ýöne ony ulanmak baradaky karar prezidentiň ygtyýarynda galýar” diýip, Tramp belledi.
ABŞ-nyň prezidenti şeýle hem NATO ýurtlary bilen möhüm ylalaşyga gelnendigini habar berdi. Bu ylalaşyk esasynda, Ýaranlyk ABŞ-nyň ýaraglaryny satyn alyp, soňy bilen Ukraina geçirer. “Biz ýaraglary NATO-nyň özüne berýäris, soňra NATO bu ýaraglary iberýär we özi töleýär” diýip, Tramp aýtdy.