11-nji iýula geçilen gije Russiýanyň harbylary Ukrainanyň Harkiw şäherine dronlar bilen hüjüm etdi. Bu barada Harkiw oblastynyň ýolbaşçysy Oleh Sinýehubow habar berdi. Onuň sözlerine görä, hüjümde dokuz adam ýaralandy.
Şäheriň merkezindäki bäbekhana hem zarba uruldy. Deslapky maglumatda binanyň penjireleriniň döwlendigi, ýöne aýallar bilen çagalaryň arasynda ýaralananlaryň ýokdugy bellenilýär.
11-nji iýulyň daň sagatlarynda rus dronlary Nikolaýew şäherine hem hüjüm etdiler. Şäheriň eteginde ýangyn ýüze çykdy. Heläk bolanlar ýa-da ýaralananlar barada maglumat ýok.
Dnepropetrowsk oblastynda, ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, bir oba hojalyk kärhanasynda ýangyn döredi.
Nikipol oblastynda bolsa administratiw bina we elektrik geçiriji ulgama zeper ýetdi.
Halkara hukugyna laýyklykda, raýat infrastrukturasyna garşy zarbalar uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Russiýa hüjümleri diňe ukrain harby desgalaryna garşy amala aşyrýandygyny öňe sürýär.