Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek häkimiýetleri Gülnarа Karimowa bilen bagly BMG-niň tankytlaryna jogap berdi


Gülnara Karimowa (arhiw suraty)
Gülnara Karimowa (arhiw suraty)

Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça milli merkezi BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparynyň, Özbegistanyň merhum prezidentiniň tussaglykdaky uly gyzy Gülnarа Karimowa bilen baglylykdaky netijesine häkimiýetleriň resmi jogabyny çap etdi.

Mundan öň, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary Gülnarа Karimowanyň tussag edilmegini bikanun diýip ykrar edipdi. Maglumata görä, Karimowa 2014-nji ýyldan bäri halkara hukugyna laýyk gelmeýän ýagdaýda türmede saklanylýar. Şeýle-de, işçi topary onuň nä derejede günäldigini ýa däldigini kesgitlemegiň öz ygtyýarlygyna girmeýändigini belledi.

Özbegistanyň häkimiýetleri resmi beýanat bilen çykyş edip, işçi toparynyň pozisiýasynyň diňe bir tarapyň berýän bir taraplaýyn maglumatlaryna esaslanyp düzülendigine alada bildirdi.

Hökümetiň nygtamagyna görä, Özbegistanyň resmi jogaby ýollanan bolsa-da, “formal prosedura möhletleri sebäpli,” ol göz öňünde tutulmandyr.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Gülnarа Karimowanyň özüni goramak we adalatly sud diňlenişigi bilen bagly hukugy kazyýet işiniň ähli tapgyrlarynda üpjün edilipdir.

Gülnarа Karimowa birnäçe halkara jenaýat işiniň we derňewleriň figuranty bolup durýar. Ýewropa ýurtlary, ony şol sanda Özbegistanda iş alyp baran iri telekommunikasiýa kompaniýalaryndan ýüzlerçe million dollar möçberinde para alyp, bu serişdeleri dürli korrupsiýa çarçuwallary arkaly kanunlaşdyrmakda aýyplaýar.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň hasaplaryna görä, Karimowanyň döwletiň we raýatlaryň bähbitlerine ýetiren umumy zyýany 1 trillion 270 milliard 200 million soma, 1 milliard 651 million ABŞ dollaryna we 26.1 million ýewro deň.

XS
SM
MD
LG