Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Kadrlar bölüminiň müdiri we ABŞ-nyň administrasiýasynyň iň täsirli, ýöne jemgyýetçilikde iň az görünýän resmileriniň biri hasaplanýan Serhio Gor 1986-njy ýylyň 30-njy noýabrynda, şol wagtky Özbegistan SSR-niň paýtagty Daşkentde doguldy. Bu barada OCCRP we Times of Malta neşirleri onuň Maltadaky emläkleri bilen baglanyşykly notarial resminamalara salgylanyp habar berýär.
Žurnalistleriň anyklamagyna görä, onuň ady doglanda Sergeý Gorohowskiý bolupdyr. Bu at häzirem birnäçe resmi dokumentde, şol sanda 2021-nji ýylda 255 müň ýewro satyn alnan, Maltanyň Kospikua şäherindäki öýüne degişli eýeçilik şahadatnamasynda geçýär.
Serhio Goryň doglan ýeri baradaky maglumat uzak wagtlap syr bolup galypdy. Ol bu barada açyk soralanda jogap bermekden saklanýardy. 2024-nji ýylyň dekabrynda The Washington Post ony Trampyň täze kadrlar syýasatynyň “täsirli we görünmeýän arhitektory” hökmünde häsiýetlendirip, onuň hatda doglan ýurduny hem anyklap bilmändigini ýazypdy.
Goryň aklawçysy Robert Garson žurnalistlere beren beýanatynda müşderisiniň hakykatdanam Daşkentde doglandygyny tassyklady.
OCCRP-nyň geçiren derňewine görä, Goryň maşgalasy onuň entek ýaş wagty ABŞ-a immigrasiýa edipdir.